Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy

  • 30.10.2025 10:43
  • 4.6k+

Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy.

Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar. Şaýy 1986-njy ýylda bolup geçen dünýä çempionatynda Diego Maradonanyň Angliýanyň derwezesine geçiren goluna bagyşlanypdyr. FIFA bu goly XX asyryň iň gowy goly diýip yglan edipdi.
Şaýyň öň ýüzünde — oýnuň joşgunyny alamatlandyrýan, «teňňeden geçip barýan» futbol topy şekillendirilen. Arka ýüzünde bolsa futbol meýdanynyň çyzgylary we Maradonanyň derwezä çenli geçen ýoly görkezilen: ol topy meýdanyň merkezinde alyp, birnäçe garşydaşyny aldawly hereketler bilen geçip, Argentinany ýarym finala çykaran ýeňiş goluny geçirdi.
Şol duşuşykda Maradona ýene bir gol geçiripdi, ýöne ony eli bilen salypdy. Şol gol «Hudaýyň eli» diýen at bilen taryha girdi. Ahyrynda Argentina 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalynda GFR-iň ýygyndysyny ýeňip çempion boldy.
Şaýy 925 derejeli kümüşden ýasalan. Onuň nominallary 10 dollar, agramy 27 gram, diametri 40 millimetrdir. Içki dolanyşyk üçin 2500 sany çäkli möçberde çykaryldy. Şeýle-de, «halkara dolanyşygy üçin şol bir dizaýnyň altyn teňňeleriniň hem çykarylmagy meýilleşdirilýär» diýip habar berilýär.


19.11.2025 23:16
18k+

Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi...

09.07.2025 11:12
2.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

31.10.2024 10:33
7.7k+

"Arkadag" "Abdyş-Ata" klubuny utup, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparynda birinji ýere çykdy

Türkmenistanyň häzirki çempiony "Arkadag" futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde AFK-nyň kubogynyň iň soňky möwsüminiň ýarymfinalçysy - Gyrgyz Respublikasynyň "Abdyş-Ata" toparyny 2:0...

08.10.2024 23:17
7.9k+

Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi

Meşhur ispan futbolçysy Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. 40 ýaşly ýarymgoragçy öz tälimçileri bilen düşen wideoroligini X sosial media ulgamynda ýerleşdirdi. Onda Pep Gwardiola, Luis de...