3.9k+

Dýuplantis karýerasynda 13-nji we tomusda 2-nji gezek rekordy täzeledi

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Budapeştdäki Memorial Iştwan Dýulaýda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,29 metr beýiklikden geçdi. Bu onuň tomusda ikinji we karýerasynda 13-nji rekordy boldy. Iýul aýynda 25 ýaşly türgen Stokgolmdaky “Brilliant ligasy” tapgyrynda birinji synanyşykda 6,28 metr netijäni görkezdi...

4.1k+

Teýlor Swift täze "The Life of a Showgirl" albomyny yglan etdi

Teýlor Swift The Life of a Showgirl atly 12-nji studiýa albomyny yglan etdi. Albom barada aýdymçy ýoldaşy Trewis Kelsiniň we onuň dogany Jeýsonyň alyp barýan New Heights podkastynda aýtdy diýip, The Guardian habar berýär...

10k+

Toyota ähli görnüşdäki ulaglary üçin benzinli hereketlendirijileriniň täze neslini döredýär

Toyota dürli görnüşli awtomobiller üçin laýyk gelýän täze nesil benzin hereketlendirijilerini taýýarlaýar. Hereketlendirijiler hem adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan awtomobillerde, gibridlerde (HEV), birikdirilýän gibridlerde (PHEV), ýol ätiýaçlygy artdyrylan elektromobillerde (EREV), şeýle-de, bioýangyçda, e-fuels-de we wodorodda işleýän ulaglarda ulanmak üçin döredilýär...

8.6k+

Kanadada bir zenanyň göz hanasyna diş oturdyp, görüşini dikeltdiler

Kanadanyň Wankuwer şäherinde oftalmolog Greg Moloni adaty bolmadyk operasiýany etdi. Ol 75 ýaşly Geýl Leýniň göz hanasyna dişi implant etdi we onuň görüşini dikeltdi. Lukmançylykda seýrek duşýän bu prosedura osteo-odontokeratoprotezlemek diýilýär diýip, ýerli CBC radiostansiýasynyň web sahypasy habar berýär...

12k+

«Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň AFK-2 Çempionlar ligasynda garşydaşlary belli boldy

"Arkadag" we "Ahal" futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda garşydaşlaryny bildiler. Toparlaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda geçiriler. Toparlaýyn tapgyryň bije çekmek dabarasy şu gün geçirilip, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň YouTube kanalynyň efirinde göni ýaýlymda görkezildi...

4.4k+

Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy

Astronomlar Uly partlamadan 900 million ýyl geçensoň emele gelen galaktikany tapdylar. Şekiline görä, oňa "kosmiki üzüm" ady berildi diýip, National Radio Astronomy Observatory-daky makalada aýdylýar. “Habbl” teleskopynyň ilkinji suratlarynda galaktika bulaşyk ýaly görünýärdi, ýöne täze tehnologiýalar azyndan 15 sany äpet ýyldyz emele getirýän toparyň aýlanýan ulgamyny synlamaga mümkinçilik berdi...

4.8k+

RAV4 bilen Tiguan-a bäsdeş: Citroën 29700 ýewrodan giňiş SUV çykardy

Citroën giňiş, tehnologik taýdan ösen we elýeterli SUV ulagyny gözleýän alyjylar üçin has özüne çekiji görnüşde täzeledi. STLA Medium platformasyndaky täze kuzow öňküden uzaldy we giňeldi, şol bir wagtyň özünde göwrümi 651 litre çenli artdy - bu segmentdäki iň gowy görkezijileriň biridir...

5.6k+

Montereýdäki Autoulag hepdeliginde Demir adamyň rodsteri görkeziler

15-nji awgustda Montereýdäki Awtoulag hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän The Quail: A Motorsports Gathering çäresinde on ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Acura NSX Roadster-i görkeziler. Bu awtoulag 2012-nji ýyldaky “Ar alyjylar” filmi üçin  ýeke-täk nusgada çykarylyp, ony Toni Stark (Demir adam) sürdi...

5k+

Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar

22-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri Germaniýanyň Karl Duisberg merkezleri tarapyndan gurnalan «Germaniýa bilen biznes hyzmatdaşlygy» maksatnamasyna gatnaşarlar. Maksat — täze gönüden-göni aragatnaşyklary döretmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň ykdysady özara gatnaşyklaryny berkitmek diýip, ORIENT habar berýär...

5.5k+

Döwrebaplaşdyrylan Nissan Teana-nyň dizaýny aýan edildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat ministrliginiň maglumatlar bazasynda täzelenen Nissan Teana-nyň suratlary peýda boldy. Sohu portalynyň berýän maglumatlaryna görä, bu model täze dizaýny we Mercedes-Maybach stilinde kuzowy iki tonly boýag görnüşini aldy...

9.6k+

Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär

Türkiýäniň häkimiýetleri azyk galyndylaryny azaltmak üçin ýurduň myhmanhanalarynda “şwed stolundan” ýüz öwürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Sabah neşiri ýazýar. Eger hökümet çäre görse, all inclusive ulgamy à la carte formaty bilen çalşyrylar...

2.2k+

Apple adaty ringtonyň remiksleri we beýleki täzelikler bilen iOS 26 beta 6-ny çykardy

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26-nyň altynjy beta wersiýasyny çykardy. Onda awtomatik gurnalan “Reflection” (Serpikme) ringtonynyň alty remiksi we interfeýsiň birnäçe üýtgeşmeleri peýda boldy. Adaty ringtonyň täze wersiýalary “Buoyant” (Şadyýan), “Dreamer” (Arzuwçyl), “Tech” (Tehnologik), “Pop”, “Reflected” (Serpikdirilen), “Surge” (Joşgun) atlaryny aldy...

2.5k+

Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär

Huawei eplenýän üç ekranly smartfonynyň täze görnüşini – Mate XT 2 smartfonyny taýýarlaýar. Fixed Focus Digital insaýderleriniň maglumatlaryna görä, smartfonyň tanyşdyrylyşy 10-njy sentýabrda bolup biler. Bu sene Apple-iň iPhone 17 smartfon hatarynyň garaşylýan tanyşdyrylyş dabarasy bilen gabat gelýär...

6.5k+

Beýonse karýerasynda ilkinji “Emmi” baýragyny aldy

Telewizion akademiýasy ýörite kategoriýalarda 77-nji “Emmi” baýragynyň laureatlarynyň birinji tapgyryny yglan etdi. Şu ýyl ýeňijileriň arasynda Beýonse hem bar diýip, Entertainment habar berýär. Aýdymçy bu baýragy 2024-nji ýylda NFL oýnunyň arakesmesindäki çykyşynyň kostýumlary üçin aldy...

6.7k+

Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi

ESPN portaly Ýewropanyň iň gowy 30 futbol tälimçisiniň reýtingini hödürledi. Birinji orny ispaniýaly hünärmen, fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” baş tälimçisi Luis Enrike eýeledi. Awtorlar reýting düzülende tälimçiniň ussatlygy, stili, topary dolandyryşy, aragatnaşyklary, üstünlikleri we haýran galdyrmak, täze pikirleri döretmek we şowsuzlyklardan soň dikelmek ukyby göz öňünde tutuldy...

11k+

Türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy

12-nji awgustda Ýaldyrak ýyldyzy dogdy. Türkmen milli senenamasy boýunça Aralyk we Üçýyldyz döwri jöwzaly günleri bilen ahyry öz ornuny Ýaldyraga berdi. Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we onuň yz ýanyndan jöwzaly yssy has ýokarlanýar...

1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

3.2k+

Bitkoin 124 müň dollardan geçdi

Bitkoiniň hümmeti taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 14-nji awgustda kriptowalýuta 124,1 müň dollara ýetip, 2,86% ösüş görkezdi. Muny Binance kriptobiržasynyň maglumatlary delillendirýär. Aşgabat wagty bilen 11:40-a çenli ýagdaýa görä, bitkoin 121,8 müň dollara durýardy...

5.8k+

Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler

Dünýä barha şäherleşýär. Häzirki wagtda şäherlerde öňkülerden has köp adam ýaşaýar. Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze infografika bu prosesiň doly gerimini görkezýär. Statistikada dünýäniň ilaty bir milliondan geçýän ähli şäherleri ýurtlar boýunça toparlara bölünen...