Kia elektrik EV4-iň ilkinji suratlaryny görkezdi

  • 01.11.2025 14:15
  • 3.4k+

Kia kompaniýasy 2026-njy ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän sport görnüşli elektrik hetçbek modeli bolan EV4-iň ilkinji suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulag gizlinlik örtügine gaplanyp görkezilýär.

Kia EV4 GT sport görnüşli bamperler, ýiti reňkli tormoz supportlary we täze diskler bilen tapawutlanýar, yzynda bolsa dik ýagtylyk blogy bilen enjamlaşdyrylan diffuzor ýerleşýär. Salonda has sport görnüşli, bedene laýyk oturgyçlar göze ilýär.
Çak edilmegine görä, EV4 GT iki motordan ybarat doly tizlikli (4×4) ulgam bilen, takmynan 400 at güýjüne eýe bolar we el bilen geçiriş tizligini emele getirýän tehnologiýa bilen üpjün ediler. Beýleki sport modellerindäki ýaly, bu hetçbek hem has berk asma ulgamy bilen ýörite sazlanýan şassi almagy mümkin.
Adaty  Kia EV4 bolsa sedan we hetçbek görnüşlerinde, öňki okda ýerleşýän 204 at güýjündäki bir elektrik motory bilen öndürilýär.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......