Toyota kiçijik ýük ulagyny hödürledi, ony alyjylaryň özi ýygnap bilýär

  • 02.11.2025 23:48
  • 8.4k+

Japan Mobility Show 2025 sergisinde Toyota doly ýygnalmadyk ýaly görünýän uly bolmadyk IMV Origin ýük ulagyny görkezdi. Ýöne kompaniýanyň asyl niýeti ony şeýle hödürlemekdi.

Toyota awtoulagyň ösüp barýan ýurtlara, şol sanda Afrika ýarym sökülen görnüşde iberiljekdigini we ony ýerinde ýönekeý gurallaryň kömegi bilen ýygnap boljakdygyny aýtdy.
IMV Origin bellibir zerurlyklara görä sazlap boljak modul platformasynda guruldy. Mysal üçin, ulaga ýük platformasyny oturtmak ýa-da ony ýolagçylary gatnatmak üçin taýýarlamak. Ol Afrikanyň oba hojalyk ýerlerinde ulanmak üçin niýetlenýär, awtomobiliň ýerinde ýygnalmagy bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Toyota IMV Origin-iň tehniki aýratynlyklary we göwrümi barada maglumat berilmeýär. Tokioda görkezilen görnüşde ulagyň diňe bir sürüji oturgyjy, plastik ekranly we üçekli karkasy, şeýle-de tekiz platformasy bar.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......