Billi Aýliş milliarderleri tankytlady we haýyr-sahawata 11,5 mln dollar bagyş etdi

  • 02.11.2025 13:00
  • 8.3k+

Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýinde geçen Wall Street Journal Innovator Awards 2025 dabarasynda aýdymçy, “Gremmi” we “Oskar” baýraklarynyň eýesi Billi Aýliş söz bilen çykyş edip, onda milliarderleri pullary mätäç adamlara has işjeň bagyş etmäge çagyrdy.

“Häzir dünýäde ähli zatlar, hakykatdanam, örän erbet we örän ýowuz. Adamlar, aýratynam, biziň ýurdumyzda duýgudaşlyga we kömege öňküden has mätäç. Eger siziň puluňyz bar bolsa, ony ýagşylyga sarp etmek we mätäçlere paýlamak gowy bolardy. Men siziň hemmäňizi gowy görýärin, ýöne bu ýerde puly meňkiden has köp bolan birnäçe adam bar. Eger siz milliarder bolsaňyz, onda siz näme üçin milliarder?” – diýip, 23 ýaşly aýdymçy dabaradaky myhmanlara ýüzlendi. Olaryň arasynda Mark Sukerberg we onuň aýaly Prissilla Çan hem bardy.

Özüniň işjeň haýyr-sahawat işleri bilen tanalýan aktrisa baýlygyň diňe bir rahatlyk getirmän, eýsem hakyky üýtgeşmeler üçin gural bolup hyzmat etmelidigini belledi.
Aýdymçy öz sözlerini indiki hereketi bilen delillendirdi: dabaranyň alypbaryjysy Stiwen Kolber Aýlişiň azyk deňsizligine we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen meşgullanýan guramalara 11,5 mln dollar bagyş edendigini habar berdi. Bu ädim zalda uly el çarpyşmalary döredip, agşamyň iň köp gürrüňi edilen pursaty boldy.
Dabarada Aýliş “Aýdym-saz innowasiýalary üçin” baýrak aldy. Belläp geçsek, şol dabarada Prissille Çana hem kesellere garşy göreş üçin gurallary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan Chan Zuckerberg Initiative gaznasynyň işi üçin “Ylymda ýylyň haýyr-sahawatçysy” baýragy gowşuryldy. WSJ Çan bilen Sukerbergiň ömrüniň dowamynda haýyr-sahawat maksatlaryna Meta-daky paýnamalarynyň 99%-ini bagyş etmäge wada berendigini habar berdi.

şu gün 12:35
2.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......