Türkmenistan Serbiýa bilen gatnaşyklary berkitmek we «EKSPO-2027-ä» gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy

  • 01.11.2025 14:53
  • 1.7k+

30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.
Söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksporty ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler halkara meýdançalarda, hususan-da, BMG-niň çäklerinde möhüm halkara başlangyçlary özara goldamak we awtordaşy bolup çykyş etmek boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.
Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şol gün Serbiýa saparynyň çäklerinde Ahmet Gurbanow Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO-2027» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň direktory Danilo Ýeriniç bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2027-nji ýylyň 15-nji maýy – 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......