Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde halypa zenanlaryň goşandy maslahatlaşyldy

  • 01.11.2025 14:23
  • 3k+

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdyrlar.
Maslahatyň başynda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde, ilata hödürlenýän aragatnaşyk hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmada we sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandyny goşan halypa zenanlar çuň manyly çykyşlar etdiler.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda uzak ýyllaryň dowamynda göreldeli we yhlasly zähmet çekýän zenanlar ýürek buýsançly gürrüňlerini beýan etdiler.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......