Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbi tutuldy

  • 03.11.2025 10:13
  • 6.1k+

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dabara Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Döwlet Baştutany ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler.
Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.

"Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer" diýip, döwlet Baştutany nygtady we ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini belledi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.

 


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......