«Şowly baha» hususy kärhanasy gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmek hyzmatyny hödürleýär. Ol näme üçin gerek?

  • 02.11.2025 13:12
  • 10k+

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK?

Ýönekeý dilde aýdylanda...
Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar. Baha kesilen emläk eýesiniň isleglerine baglylykda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Gozgalýan we gozgalmaýan emläge kesilen baha käte esasy serişdeleriň işjeň böleginiň bazar bahasyny kesgitlemegiň ýeke-täk usuly bolup durýar. Emlägiň bahasyny bilmek bilen, eýesi açyk bazarda bu görnüşli emläge islegiň bardygyny şeýle hem ýokdugyny, bazar segmentiniň häzirki ýagdaýyny kesgitlemekde dolandyryş çözgüdini kabul edip, maýadarlary çekip, işi täzeden gurnap, kärhanada tehnologik prosesleriň netijeliligini kesgitläp biler.

Ine, bu ýagdaýda islendik raýat «Şowly baha» hususy kärhanasyna ýüz tutup, emlägine baha kesdirip biler.
«Şowly baha» hususy kärhanasy Türkmenistanyň raýatlaryna, edara kärhanalaryna, hususy telekeçilere degişli bolan gozgalýan we gozgalmaýan emläge baha kesmek hyzmatyny hödürleýär.
Baha kesmek zerurlygy — karzyň girew üpjünçiliginde, ipoteka karzlaryny almakda, esaslyk maýa üçin (ýuridiki şahslar üçin), satyn almak-satmak üçin, buhgalterçilik hasabaty üçin gerek bolýar.

BAHA KESMEK IŞI NÄHILI TERTIPDE AMALA AŞYRYLÝAR?

  1. Raýat «Şowly baha» hususy kärhanasyna arza bilen ýüz tutýar we gerekli resminamalary tabşyrýar;
  2. «Şowly baha» hususy kärhanasy girew goýuljak emlägi gözden geçirýär we baha kesmek «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna şeýle hem baha kesmek işiniň Halkara standartlaryna laýyklykda geçirýär;
  3. Hasabaty we netijenamany taýýarlap raýata berýär. Raýat şol resminamalar bilen banka baryp biler.

«Şowly baha» hususy kärhanasy haýsy emläge baha kesip berýär?

  • Kottedjlere;
  • Täjirçilik gozgalmaýan emläge;
  • Ýaşaýyş jaýlaryna;
  • Ýaşaýyş öýlerine;
  • Esasy serişdelere;
  • Ulag serişdelerine;
  • Ýörite tehnikalara;
  • Oba hojalyk tehnikalaryna;
  • Enjamlara.

«Şowly baha» hususy kärhanasynyň AÝRATYNLYKLARY:

  • Biziň ýokary tejribeli hünärmenlerimiz gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmekde häzirki zamanyň usullaryny ulanmak bilen, bazaryň orta möhletli şeýle hem uzak möhletli meýilleriniň çaklamasyndan ugur alyp, baha kesmäge gatnaşýan taraplaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýärler;
  • Baha kesmek işi boýunça tölegsiz maslahat hyzmatlary;
  • Hyzmatlaryny Türkmenistanyň tutuş çäginde hödürleýär;
  • Hyzmatlaryň hilini we müşderiniň maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirýär;
  • Tiz hyzmat: ýeňil maşynlara, jaýlara — 1-1,5 günde, enjamlara — 3-4 günde, täjirçilik gozgalmaýan emläge — 5-7 günde baha kesilýär;
  • «Şowly baha» hususy kärhanasynyň işgärleri baha kesmek boýunça ýörite okuwlary geçdiler;
  • Zerur şahadatnamalary we rugsatnamalary bar;
  • 5 ýyldan gowrak iş tejribe.

«Şowly baha» hususy kärhanasy müşderileriniň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini we howpsuzlygyny goramaga, söwda syrlarynyň saklanmagyna möhüm ähmiýet berýär we berk  gözegçilik edýär. Işiň çäginde berlen ähli maglumatlar diňe hususy kärhananyň işgärleri tarapyndan iş maksady bilen ulanylýar.

Iş wagty: Duşenbe-Ýekşenbe günleri, 10:00-dan 22:30-a çenli.
Arakesme 13:00 – 14:00
Salgysy: Aşgabat şäheriniň, Berkararlyk etrabynyň, Ýylgaý Durdyýew köçesiniň, 52-nji jaýy.
Telefon belgiler:

+993 64 07-75-79;
+993 71 73-22-77.


düýn 10:44
2k+

Arkadag şäherindäki sirk dynç gününi ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär

Maşgala bilen dynç günüňizi ýatdan çykmajak derejede geçirmek üçin näme etmeli? Bu soraga Arkadag şäheri iň jaýdar jogaby hödürleýär. Her ýekşenbe güni Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde çagalary hem ululary deň derejede özüne çekýän sirk oýunlary görkezilýär...

03.02.2026 13:36
19k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

27.01.2026 21:02
12k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
12k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...