Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi

  • 02.11.2025 23:37
  • 10k+

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan öň Saud Arabystanynda birnäçe aý bolup bilerdi, ýöne ýurduň häkimiýetleri şeýle teklipden ýüz öwürdi. AFP-niň habar bermegine görä, Mahd akademiýasynyň baş direktory Abdulla Hammad bu barada Thmanyah podkastyna beren interwýusynda aýtdy.

“Soňky Klublaýyn dünýä çempionaty wagty Messi meniň bilen habarlaşyp, Saud Arabystanynda oýnap biljekdigini teklip etdi, çünki MLS-de dört aý diýen ýaly arakesme bolýardy” – diýip, Hammad aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Messi formasyny saklamak we geljekki dünýä çempionatyna taýýarlanmak isledi”, ýöne sport ministri bu teklibi ret edip, saud ligasynyň başga ýaryşlara taýýarlanmak üçin meýdança hökmünde ulanylmajakdygyny belledi.
23-nji oktýabrda “Inter Maýami” kluby 38 ýaşly argentinaly futbolçy bilen şertnamanyň 2028-nji ýyla çenli uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçynyň özi hem ýakynda beren interwýusynda gowy formada galyp bilse, Argentinanyň milli ýygyndysyna dünýä çempiony titulyny goramaga kömek etmek isleýändigini aýdypdy.
Hammadyň ýolbaşçylyk edýän Mahd akademiýasy 2020-nji ýylda “Görüş 2030” milli maksatnamasynyň çäklerinde sport sehinlerini gözlemek we ösdürmek üçin döredildi. Ozal Hammad Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň marketing boýunça komitetinde işledi, “Al-Ahli” klubunyň ýolbaşçylygyna girdi, Liderleri ösdürmek institutyna ýolbaşçylyk etdi we skauting hem tälimçilik işi bilen meşgullandy.


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....