Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

  • 02.11.2025 20:47
  • 5.2k+

Türkmenistanly türgen Rahmet Taganow Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal aldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

 "Hua Mak Indoor Stadium" sport arenasında geçirilýän iri ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar.
69 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Rahmet Taganow birnäçe garşydaşyny ýeňip, finala çenli üstünlikli ýetdi.
Emma jemleýji tutluşykda ol Kanadadan gelen Uiler Kewinden ýeňildi.
Şu agram derejesinde bürünç medallary Bahreýnden Ysmaýyl Isa hem-de Koreýa Respublikasyndan Çon Çhol Su gazandy.
 


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....