«Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy Netflix-de 2026-da çykar

  • 02.11.2025 17:39
  • 3k+

«Bir gezek ... Golliwudda» («Однажды… в Голливуде») filminiň dowamynyň «Kliff Butuň başdan geçirenleri» («Приключения Клиффа Бута») diýen at bilen Netflix-de 2026-njy ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar. Bu barada Variety habar berýär.

Režissýor Dewid Finçer filmi Kwentin Tarantinonyň ýazan ssenarisi esasynda surata düşürýär.
Şeýle-de, Bred Pitt ýene-de kaskadýor Kliff Butuň keşbine dolanar. Bu keşp oňa öň «Oskar», «Altyn globus» we BAFTA baýraklaryny getiripdi. Filmdäki wakalar 1977-nji ýylda, asyl filmiň wakalaryndan sekiz ýyl soň bolup geçýär. Ýakynda düşürilen suratlara görä, gahryman indi murtly çykyş eder.

Surata düşürmek işleri Los-Anjelesiň Haýlend-Park sebitinde, Highland Theater kinoteatrynyň töwereklerinde dowam edýär. Bu ýerde 1970-nji ýyllaryň atmosferasyny döretmek üçin retro elektronika, butikler we gözellik salonlary bilen degişli bezegler gurlupdyr.
Filmiň operatory — Finçer bilen «Mank», «Ganhor» we «Aň awçysy» («Охотник за разумом») ýaly taslamalarda işleşen Erik Messerşmidt.

«Kliff Butuň başdan geçirenleri» Finçeriň Netflix üçin işleýän üçünji filmi bolar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....