Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde on aýyň jemlerini jemledi

  • 02.11.2025 13:09
  • 14k+

1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň  berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen işler barada aýdyldy.  
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.  
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew  Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanylmaga berlen döwrebap toplumlar we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.   
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň  taýýarlanylyşy,  raýatlaryň hukuk babatda düşünjesini ýokarlandyrmak hem-de ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen guralýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew  ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......