Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi

  • 03.11.2025 10:02
  • 9.2k+

Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, 2026-njy ýylda Samsung ýokary flagmanlaryň esasy boljak Exynos prosessorynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak isleýär. Galaxy S26 we S26 Plus modelleriniň öňki nesil bilen deňeşdirilende ýokary öndürijiligi görkezen täze Exynos 2600 prosessorynda işlemegine garaşylýar.
Hatda Galaxy S26 Ultra hem köp bazarlarda bu prosessory alar, emma ABŞ, Hytaý we Ýaponiýa üçin ol Snapdragon 8 Elite Gen 5 bilen üpjün ediler diýlip çak edilýär.
Kompaniýa Galaxy S26 hatarynyň “täze nesliň emeli aňynyň netijesinde ulanyjy tejribesinde rewolýusiýa geçirjekdigini” belleýär. Kämilleşdirme günüňi meýilnamalaşdyrmakdan we tekst terjimesinden başlap, sosial ulgamlara girmek ýaly gündelik ulanylýan funksiýalara täsir eder.
Şeýle-de, EA-nyň kömegi bilen syn ediş burçuny sazlap, ekrany diňe eýesi üçin görünýän edip biljek täze Flex Magic Pixel displeý tehnologiýasy barada habar berilýär.
Kompaniýa täze kameralaryň boljakdygyny hem tassyklady, ýöne maglumat bermedi. Insaýderleriň aýtmagyna görä, esasy model uly 50 Mp sensora eýe bolar, Ultra wersiýasy bolsa 200 Mp esasy kamerany we kämilleşdirilen awtofokus modulyny saklap galar.
Samsung Galaxy S26 hatarynyň premýerasynyň 2026-njy ýylyň başynda bolmagyna garaşylýar. Ol Las-Wegasdaky CES we Barselonadaky Mobile World Congress sergileriniň aralygynda geçirilip bilner.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...