Собор Саграда Фамилия в Барселоне стал самым высоким храмом в мире

  • 02.11.2025 23:51
  • 5.2k+

Barselonanyň binagärlik dürdänesi bolan Sagrada Familiýa ybadathanasy merkezi binanyň üstünde haçyň täze bölegi oturdylandan soň resmi taýdan dünýäde iň beýik ybadathana boldy diýip, Associated Press habar berýär.

Indi ybadathananyň beýikligi 162,91 metre barabar bolup, bu 1890-njy ýyldan bäri (ybadathananyň gurluşygy XIV asyrda başlandy we XIX asyrda tamamlandy) bu ada eýe bolan Germaniýadaky Ulm ybadathanasyndan sähel uludyr. Onuň beýikligi 161 metre ýetýär.
Ýakyn aýlarda Isanyň merkezi diňinde haçyň galan bölekleri oturdylar. Şondan soň onuň beýikligi 172 metre ýeter.
1882-nji ýylda Fransisko de Paul del Wilýaryň ýolbaşçylygynda Sagrada Familiýa ybadathanasynyň düýbi tutuldy, ýöne bir ýyldan bu taslama binagär Antonio Gaudi ýolbaşçylyk etdi. Ol ilkibaşdaky meýilnamany doly üýtgedip, şeýle bir uly ybadathanany göz öňünde tutdy welin, hatda gurluşygyň ahyryna çenli öz ömrüniň ýetmejekdigini-de bilýärdi. Şol sebäpli binagär 1914-nji ýyldan başlap galan ähli sargytlaryndan ýüz öwrüp, özüni diňe Sagrada Familiýanyň gurluşygyna bagyş etdi. 1926-njy ýylda binagäriň aradan çykan pursaty diňe bir diň taýýardy.
Gurluşyk onuň meýilnamalary we eskizleri boýunça dowam etdi. Işler haýyr-sahawatlaryň we ybadathananyň açyk bölegine petek satmakdan gazanylan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirildi. Sagrada Familiýa diňe bir Barselonanyň däl, eýsem bütin dünýäniň iň köp barylýan ýerleriniň biri boldy.
Soňky onýyllykda gurluşyk ep-esli çaltlaşdy. Merkezi diňiň gurluşygy 2026-njy ýylda, Gaudiniň aradan çykan gününiň ýüzýyllygy bellenende tamamlanar. Şondan soň gurluşykçylar geljek on ýylyň dowamynda ybadathanany tamamlamagy dowam etdirer: olara täze bezeg elementlerini we heýkelleri döretmek, şeýle-de binanyň baş girelgesi üçin basgançak gurmak gerek.  


01.06.2026 13:04
2.9k+

Туристический бум сделал Исландию самой дорогой страной мира

Исландия вновь стала самой дорогой страной мира, опередив Швейцарию по уровню цен. Об этом сообщило агентство Bloomberg со ссылкой на расчёты профсоюза работников умственного труда Viska, основанные на данных......

27.05.2026 14:41
6.8k+

В Малайзии работает самый большой отель в мире: в нем 7351 номер

Отель First World Hotel в малайзийском курортном комплексе Гентинг-Хайлендс сохраняет статус крупнейшей гостиницы мира. После расширения номерной фонд комплекса достиг 7351 номера, что позволило ему вернуть......

24.05.2026 16:01
4k+

Финляндия оплатит 16 иностранцам гастрономическое путешествие по стране

Туристическая организация Visit Finland этой осенью организует полностью оплачиваемое гастрономическое путешествие для 16 иностранных гостей, чтобы популяризировать во всем мире финскую кухню. Об этом сообщает......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Фанаты аниме и манги стимулируют рост туризма в Азии

В Азии растет популярность аниме-туризма: по данным Trip.com, количество поисковых запросов, связанных с поездками по мотивам аниме и манги, за год увеличилось на 195 %....