“Ýewrowideniýede” hiç haçan ýeňiş gazanmadyk ýurt gaýdyp gelýär

  • 03.11.2025 09:59
  • 4.3k+

Iki ýyl arakesmeden soň 2026-njy ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Rumyniýa gaýdyp gelýär. Bu barada Rumyniýanyň TVR ýaýlymy habar berip, bu aralykda ýurduň içerki saýlama prosesini gowulandyrmagyň we ýokary hilli şüweleňi taýýarlamagyň üstünde işländigini belledi.

“Biz “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Rumyniýanyň gatnaşmagyny dikeltmegi teklip etdik, sebäbi sypdyrylan iki ýylda biziň has bäsdeşlikli saýlama prosesiniň we bäsleşigiň gerimine laýyk geljek şüweleňiň bolmagy üçin nämäni üýtgetmelidigimize has gowy düşünmäge wagtymyz boldy” – diýip, TVR-de bellendi.

Rumyniýa ýokary hilli milli saýlama bäsleşigini geçirip, ýubileý 70-nji “Ýewrowideniýe” üçin mynasyp wekili saýlamak isleýär.
Şeýle-de, habarda bäsleşige gatnaşmagyň toparlaýyn işdigi we ähli taraplaryň ýurduň iň gowy wekilçiligini üpjün etmek üçin tagallalary utgaşdyrmaga köp wagt sarp edendigi bellenilýär.
Rumyniýa “Ýewrowideniýede” ýeke gezek hem ýeňiş gazanmady we finala-da seýrek çykdy. Ýurduň iň gowy netijesi 2005-nji we 2010-njy ýyllarda üçünji orunlary eýelemegi boldy.


17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....