Alymlar nanotirannozawrlaryň ýaşap geçendigini subut etdiler

  • 02.11.2025 23:39
  • 4.3k+

Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwersitetinden amerikaly paleontologlar nanotirannozawrlaryň, hakykatdanam, gadymy ýyrtyjylaryň aýratyn görnüşi hökmünde ýaşap geçendigini tassyklady. Olar tapylan nusgalaryň biriniň süňklerini gaýtadan seljerip, şeýle netijäni öňe sürdi.

Gözleg onuň ýaşynyň ölen wagty 20 ýyl töweregidigini görkezdi. Bu nanotirannozawryň, ozal çak edilişi ýaly, tirannozawryň ýaş wekili däl-de, uly jandar bolandygyny aňladýar.

“Bu açyş Ýeriň soňky dinozawrlarynyň ýaşan gurşawynyň hasap edilişinden has baý we has bäsdeşlikli bolandygyny aňladýar. Aýratynam, biziň açyşymyz şa tirannozawrlaryň mezozoý ekoulgamynyň ýeke-täk “şalary” bolmandygyny görkezýär. Olaryň ýanynda has ýeser we çalasyn awçy-nanotirannozawrlar hem ýaşapdyr” – diýip, uniwersitetiň dosenti Lindsi Zanno belledi.

Nanotirannozawrlaryň bolandygy baradaky jedel onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. Olaryň daşa öwrülen galyndylary geçen asyryň ortalarynda we häzirki asyryň başlarynda Montanadaky Hell-Krik geologik çökündilerinde tapyldy. Süňkleriň kiçi bolmagy we ýaşdygy baradaky çaklamalar ozal bu görnüşiň özbaşdakdygy barada şübhe döredipdi.
Täze ylmy gözleg tirannozawrlaryň 200-den gowrak nusgasyny gurşap aldy. Alymlar ozal öwrenilen wekilleriň ýaşynyň ösüş depgini baradaky nätakyk maglumatlar sebäpli kiçeldilendigini anyklady. Soňky maglumatlar üçünji tapylan nusganyň uly ýaşlydygyny, şeýle-de kelleçanagyň gurluşynda, dişleriň sanynda we nerw kanallarynda tapawutlaryň bardygyny tassyklady. Bu aýratynlyklar ony aýratyn görnüş – Nanotyrannus lethaeus diýip kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Tapyndy giçki hek döwrüniň ýyrtyjylarynyň köpdürlüligi we ekologiýasy baradaky düşünjeleri giňeldýär.


şu gün 10:01
2.5k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.5k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......