Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen gutlady

  • 01.11.2025 14:45
  • 9.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we türkmen halkyny Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredengini belledi.
Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işjeňligini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary hökmünde pul dolanyşygynyň durnuklylygyny we ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagy, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmagy, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmegi kesgitldi.

"Bu baş maksada ýetmekde bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar. Erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

"Strategik taýdan möhüm bolan iri maýa goýum taslamalaryny uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmekde ýurdumyzyň ygtybarly banklarynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalary hem-de ylalaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir" diýip, Serdar Berdimuhamdow belleýär.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......