Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy

  • 02.11.2025 23:46
  • 2.2k+

Microsoft 25H2 we 24H2 wersiýaly Windows 11 üçin KB5067036 täzelenmesini çykardy. Ol ozal Windows Insider programmasynyň çäklerinde synagdan geçirilen täzelenen “Başlat” (Пуск) menýusyny hödürledi.

Menýu ulanyjylar üçin has çeýe we amatly bolup, täze sazlama mümkinçiliklerini hödürleýär. Indi ulanyjylar interfeýsiň gerekmejek elementlerini gizläp, berkidilen we maslahat berilýän faýllaryň we programmalaryň görkezilmegini öçürip bilýär.
Indi ähli programmalaryň sanawyny iki usulda görüp bolýar: gözenek görnüşinde ýa-da kategoriýalar boýunça. Ilkibaşdaky ýagdaýynda programmalar kategoriýalara bölünen bolup, ulgam olary awtomatik ýagdaýda iOS we iPadOS-daky programmalar paneli ýaly aýratyn toparlara ýerleşdirýär. Şeýle-de, menýu ekrana görä sazlanýar: uly ekranly enjamlarda ol has köp ýarlyklary görkezýär.
Täzelenme Phone Link-iň paneline-de täsir etdi we indi soňky hereketler, habarnamalar, gelen jaňlar we habarlar görkezilýär. Mundan başga-da, “Ýumuşlar paneli” kämilleşdirildi: kursor işe girizilen programmalaryň nyşanyna eltilende olaryň eskizi indi animasiýa bilen peýda bolýar, akkumulýatoryň nyşanjygy bolsa indi göni ýumuşlar panelinde zarýad derejesini göterimde görkezýär.
KB5067036 bukjasy kem-kemden ýaýradylýar we häzirki wagtda hökmany hasaplanmaýar, bu ulanyjylaryň täzelenmäni elde gurnap biljekdigini ýa-da onuň hökmany bolmagyna garaşyp biljekdigini aňladýar. Prosesi çaltlaşdyrmak üçin soňky täzelenmeleri çykan badyna almaga mümkinçilik berýän funksiýany işjeňleşdirmeli. 


23.02.2026 13:14
1.2k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...