“Real” Superliganyň başa barmandygy üçin UEFA-dan öwez tölegini talap eder

  • 01.11.2025 15:33
  • 6.9k+

Başa barmadyk futbol Superligasynyň taslamasyny esaslandyryjy klublaryň biri bolan Madridiň “Realy” Madridiň welaýat kazyýetiniň UEFA-nyň täze ýaryşy geçirmek bilen bagly şikaýat arzasyny ret edendigini habar berdi.

2023-nji ýylda Ýewropa kazyýeti UEFA-nyň hereketleriniň Ýewropa Bileleşiginiň monopoliýa garşy kanunyny bozýandygyny ykrar etdi. Şol wagt Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) we Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) başga bir görnüşli ýaryşyň döredilmegine päsgel berdi.
Madridiň kazyýeti UEFA-nyň şeýtmek bilen “Ýewropa Bileleşiginiň erkin bäsdeşlik düzgünlerini bozandygyny” we bazarda “öz agalyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygyny” tassyklady.

“Bu çözgüt klubuň çeken ýitgisiniň öwezini dolmagy talap etmäge mümkinçilik berýär” – diýlip, “Realyň” metbugat relizinde aýdylýar.

Ýewropanyň öňdebaryjy 12 kluby tarapyndan esaslandyrylan Superliganyň taslamasy 2021-nji ýylyň ýazynda häzirki kontinental ýaryşlaryň başga bir görnüşi hökmünde yglan edildi. Ýöne gatnaşyjylaryň ählisi diýen ýaly UEFA-nyň sanksiýa girizmek haýbaty sebäpli iki günüň dowamynda taslamadan çykdy.
2023-nji ýylyň iýunynda Superliganyň gatnaşyjylarynyň düzüminden Turiniň “Ýuwentusy” çykdy. Taslamada diňe “Real” bilen “Barselona” galdy we olar A22 toparyny döredip, UEFA bilen FIFA-nyň hereketlerini bikanun diýip ykrar etmek talaby bilen arza berdi.
Oktýabryň başynda RAC1 radiosy “Barselonanyň” hem taslamadan çykmagy meýilleşdirýändigini, çünki UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň täze formaty sebäpli şeýle ýaryşy ilerletmegiň maksadalaýyk däldigini habar berdi. “Real” hem futboly durnukly ösdürmek meselelerinde UEFA bilen ylalaşyp bilmändigini aýtdy.
2024-nji ýylda taslama rebrending geçirip, Unify League (Birleşdirilen liga) hökmünde hödürlendi. Ýaryşa milli çempionatlaryň netijelerine laýyklykda dört diwiziona bölünen 96 toparyň gatnaşmagy göz öňünde tutuldy.


şu gün 13:51
1.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......