Netflix-de “Jadygöýiň” 4-nji möwsümi çykdy: ilkinji synlar garyşyk boldy

  • 02.11.2025 23:32
  • 3.8k+

Netflix-de “Jadygöý” (The Witcher / Ведьмак) serialynyň dördünji möwsümi çykdy. Sekiz bölümiň hemmesi 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda elýeterli boldy.

Täze möwsümde ilkinji gezek Riwiýadan Geraldyň keşbini Liam Hemswort ýerine ýetirdi. Aktýor ilkinji üç möwsümde gahrymany oýnan Genri Kawilli çalyşdy.
Netflix dördünji we bäşinji möwsümleriň jemleýji boljakdygyny tasssyklady. Olar Anjeý Sapkowskiniň kitaplaryna esaslanýan wakany tamamlamak üçin bir wagtda düşürildi.
Aktýorlar düzümine Anýa Çalotra (Ýennifer), Freýýa Allan (Siri) we Joi Beti (Lýutik) gaýdyp geldi. Iki bölek bolup çykan üçünji möwsümden tapawutlylykda, bu gezek ähli bölümler tomaşaçylara göni hödürlendi.
Sýužet Yklymdaky urşy dowam etdirýär: Geralt täze duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, Sirini goramak üçin garaşylmadyk tarapdarlary gözleýär. Netflix has dartgynly sahnalary, täze ýerleri, şeýle-de güýçli duýgulary wada berýär.
Möwsümiň çykan güni ilkinji synlar peýda bolup başlady. Tankytçylaryň pikirleri dürli boldy. Käbirleri Kawilliň Hemswort bilen çalşylmagynyň asla duýulmaýandygyny we täze aktýoryň Geraltyň häsiýetini özüçe berip bilendigini belleýär. Beýlekiler bolsa bu pikir bilen düýbünden ylalaşmaýar. Metacritic-de möwsümiň ortaça baly 100-den 66 boldy, bu ikinji möwsümiň derejesi bilen deňdir.
Netflix Siriniň gatnaşmagynda adybir topar barada “Alakalar” mini-film-spin-offuny hem çykardy. Onuň dowamlylygy 1 sagat 20 minut. Reliz uly bildiriş etmezden boldy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....