“Sessiz umytsyzlyk”: Ýewropanyň ýabany tebigat fotosuratçysy - 2025-iň ýeňijileri yglan edildi

  • 02.11.2025 19:38
  • 3.7k+

Germaniýanyň Ýabany tebigatyň suratçylary jemgyýeti (GDT) abraýly “European Wildlife Photographer of the Year 2025” bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.

Bu ýylky baş baýragy germaniýaly 20 ýaşly ýaş suratçy Luka Lorens gazandy. Ol öz jüýjeleri üçin syçan tutan erkek serçe baýguşyň (Glaucidium passerinum) ak-gara suratyny düşürip, “Ýylyň suratçysy” diýen ada mynasyp boldy.
Fotografyň gürrüň bermegine görä, baýguşyň ýoldaşy ýitirim bolupdyr — onuň gyrga ýa-da laçyna aw bolan bolmagy ahmal. Erkek baýguş jüýjeleriniň aladasyny ýeke özi edýän eken. Surat düşürilmezinden bir gije öň jüýjeler ilkinji gezek höwürtgeden çykyp, dolanyp gelmändirler. Suratçy olaryň hem ejesiňki ýaly pajygaly ykbala sezewar bolandygyny aýdýar.

Lorens bu surata “Sessiz umytsyzlyk” diýip at berdi.

Bäsleşigiň ýeňijileri we finalçylary:

Baş ýeňiji: «Sessiz umytsyzlyk» — erkek serçe baýguş / © Luka Lorens

Guşlar“Guw köli” / © Terýe Kolaas

Guşlar (finalçy)“Iýmit zynjyrynyň ýokarsynda” / © Odýun Rikarsen

Süýdemdirijiler“Suwa düşmeli!” / © Federika Kordero

Süýdemdirijiler (finalçy)“Gijeki awçy” / © Çaba Darossi

Beýleki haýwanlar“Ýyldyzlaryň arasynda” / © Tibor Litowski

Ösümlikler we kömelekler“Inferno” / © Tobias Rihter

Suwasty düný䓪öhratlandyrylmadyk gahrymanlar” / © Enjel Fitor

Adam we tebigat“Kriminalistika” / © Britta Ýaşinski

Tebigatyň studiýasy“Uruş ýakynlaşdy” / © Hannu Ahonen

14 ýaşa çenli ýaş suratçy“Ir säher” / © Lýubin Goden

15–17 ýaş ýaş suratçy“Ýyrtyjy” / © Aleksis Tinker-Sawalas


28.05.2026 17:17
5.2k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......

07.05.2026 22:55
3.6k+

"Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" astronomiýa suratçylygy bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Capture the Atlas syýahatçylyk blogy gijeki asmanyň suratlaryny öz içine alýan, ýylda geçirilýän "Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" (Milky Way Photographer of the Year 2026) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan......

04.05.2026 23:52
2.5k+

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň eminleri ýeňijileri kesgitlediler. Bu bäsleşige 15 ýurtdan gelen suratçylaryň 9 müňe golaý işi gatnaşdy....