2.6k+

Karlos Alkaras US Open-iň finalynda Ýannik Sinnerden üstün çykdy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras erkekleriň arasynda geçirilen ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda italiýaly Ýannik Sinneri dört setde 6:2, 3:6, 6:1, 6:4 hasabynda utdy. 22 ýaşly türgen üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda altynjy titul boldy...

1.9k+

Sinner we Alkaras US Open-iň tituly we dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda göreşer

US Open-iň final oýnunda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner bilen ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşar. Bu olaryň şu möwsümde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygider üçünji finaly bolar we onda diňe ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň çempiony däl, eýsem dünýäniň birinji raketkasy-da kesgitlener...

9.4k+

Türkmenistan CAFA Milletler Kubogynda Omandan utuldy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogynyň (CAFA Nations Cup) toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omandan utuldy. Daşkentdäki “Jar” stadionynda geçirilen oýun Omanyň futbolçylarynyň peýdasyna 1:2 hasabynda tamamlandy...

14k+

Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy...

3.1k+

US Open – 2025-iň finalynda Arina Sobolenko we Amanda Anisimowa oýnar

Nýu-Ýorkuň hard kortunda US Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi. Aýgytly oýunda titul üçin Belarusdan dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko we WTA reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýän amerikaly Amanda Anisimowa göreşer...

8.8k+

Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi

1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr...

14k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy...

6.6k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...

5.7k+

7 ýaşly Kerim Babaýew Abu-Dabide geçen küşt ýaryşynyň kümüş medalyny aldy

Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kerim Babaýew Abu-Dabide geçirilen 31-nji Halkara küşt festiwalynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ýaryşlar Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilip, ol 83 ýurtdan 3000-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi diýip, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy habar berdi...

2.6k+

Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji

“Maklaren” toparynyň sürüjisi Oskar Piastri 31-nji awgustda Zandwortda geçen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Red Bulldan” häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen geldi. Üçünji orny “Reýsing Bulls” toparynyň wekili Isak Hajar eýeledi – onuň üçin bu karýerasynda münbere ilkinji gezek çykmagy boldy...

4.6k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Monakoda Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişigini geçirdi. Ol ikinji möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçer. Şol gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyrynyň hem bije çekişigi geçirildi...

11k+

«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular...

6.1k+

Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy. Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy...

5.2k+

Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy

Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi...

15k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...