«Mançester Siti» «Arsenaly» utup, 9-njy gezek Liganyň kubogyny gazandy

  • 23.03.2026 05:29
  • 6.2k+

«Mançester Siti» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda Londonyň «Arsenal» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we öz taryhynda dokuzynjy gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Londonyň «Wembley» stadionynda geçirildi.

Oýundaky gollaryň ikisini hem 21 ýaşly ýarymgoragçy Niko O’Raýli geçirdi. Ol 60-njy minutda hasaby açan bolsa, eýýäm 64-nji minutda ikinji goluny girizdi.

«ManSiti» Liganyň kubogyny ozal 1970, 1976, 2014, 2016, 2018, 2019, 2020 we 2021-nji ýyllarda gazanypdy. Titullaryň sany boýunça bu klub diňe 10 gezek ýeňiş gazanan «Liwerpuldan» yza galýar.

Geçen ýyl Angliýanyň ligasynyň kubogynyň eýesi finalda «Liwerpuly» 2:1 hasabynda utan «Nýukasl Ýunaýted» bolupdy.

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Pep Gwardiola üçin bu kubok tälimçilik karýerasynda 40-njy, iňlis kluby bilen bolsa 19-njy baýragy boldy. Şeýle hem ol 2016-njy ýylda Angliýada işläp başlany bäri bäşinji gezek Liganyň kubogyny aldy.

«Sitiniň» goragçysy Abdukodir Husanow Angliýanyň ýokary futbol ligasynda uly tituly gazanan ilkinji özbek futbolçysy boldy.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....