Nobatdaky «El-Klasikonyň» senesi belli boldy: häzirlikçe hasap 1:1

  • 24.03.2026 16:58
  • 12k+

Ispaniýada çempionlyk ugrundaky göreşde aýgytlaýjy bolup biljek «El-Klasiko» oýnunyň senesi belli boldy. La Liganyň 35-nji tapgyrynyň çäklerinde «Barselona» we «Real Madrid» toparlarynyň arasyndaky ikinji aýlawyň duşuşygy 11-nji maýa geçilýän gije bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.

Häzirki wagtda «Barselona» 73 utuk bilen çempionatda öňde barýar. Madridiň «Realy» bolsa dört utuk yza galyp, ikinji orunda ýerleşýär. Maý aýynda boljak bu duşuşyk çempionlyk tituly üçin göreşde aýgytlaýjy bolup biler.

Şol bir wagtyň özünde, «Barselona» eýýäm 2026/27 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşmagyny kepillendiren ilkinji klub boldy. Ýekşenbe güni «Betis» Ispaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda myhmançylykda Bilbaonyň «Atletiginden» utuldy. Şeýlelikde, «Barselona» indi Ispaniýanyň çempionatynyň dördünji ornundan aşak düşmez, bu bolsa oňa indiki möwsümde Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Garaşylýan oýun häzirki möwsümde «Barselona» bilen «Realyň» üçünji duşuşygy bolar. Häzirlikçe şahsy bäsleşiklerde deňlik saklanýar:

  • 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabry (La Liga): «Real» Madridde 2:1 hasabynda utdy.
  • 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary (Superkubok): Saud Arabystanyndaky dartgynly finalda «Barselona» 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýanwar aýyndaky ýeňiş katalonlar üçin Ispaniýanyň Superkubogynyň taryhynda 16-njy we resmi «El-Klasiko» oýunlarynda 105-nji ýeňiş boldy. 


düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.4k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......