FIFA ilkinji gezek DÇ-niň stadionynda hemaýatkäriň logotipini saklamaga rugsat berdi

  • 28.03.2026 09:38
  • 3.6k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty wagtynda Atlantadaky stadionda Mercedes kompaniýasynyň logotipini aýyrmazlyga rugsat berdi. Bu barada «The Athletic» neşiri habar berýär.

Gürrüň Mercedes-Benz Stadium barada gidýär, onuň süýşürilýän üçeginde brendiň uly ýyldyzy ýerleşdirilen. Adatça, FIFA ýaryşyň resmi hemaýatkärleri bilen dawa döredip biljek islendik täjirçilik simwolikasyny aýyrmagy talap edýär.

Neşiriň maglumatyna görä, logotipi gizlemek üçin üçek gurluşyny üýtgetmek desganyň özüne zeper ýetirip bilerdi. 18 aýlap dowam eden gepleşiklerden soň, simwolikany üýtgetmesiz galdyrmak barada çözgüt kabul edildi.

FIFA-nyň wekili guramanyň «aýry-aýry stadionlara degişli bolan anyk ylalaşyklar barada düşündiriş bermejekdigini» aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ýaryş döwründe stadionlar täjirçilik atlaryny üýtgeder. Hususan-da, «Mercedes-Benz Stadium» — «Atlanta Stadium», «MetLife Stadium» — «New York New Jersey Stadium», «Levi’s Stadium» bolsa «San Francisco Bay Area Stadium» diýlip atlandyrylar.

Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......