Antuan Grizman «Atletikodan» gaýdyp, karýerasyny ABŞ-nyň MLS ligasynda dowam eder

  • 25.03.2026 10:18
  • 7.2k+

Antuan Grizman möwsüm tamamlanandan soň Madridiň «Atletiko» klubundan gider we tomusda Amerikanyň «Orlando Siti» klubuna geçer. Madrid şäheriniň topary häzirki möwsümiň ahyrynda fransiýaly hüjümçiniň topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi.

«Atletiko» toparynyň rugsaty bilen Grizman eýýäm geljekki topary bilen şertnama baglaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Mundan ozal taraplaryň ýyllyk 10 million ýewro aýlyk haky bilen iki ýyllyk ylalaşyk barada ylalaşandygy habar berlipdi.

Antuan Grizman 2014-nji ýyldan bäri «Atletiko» toparynda çykyş edip gelýärdi. Ol 2019-njy we 2022-nji ýyllar aralygynda «Barselona» toparynda oýnady, şondan soň bolsa Madridiň klubuna dolanyp geldi.

Fransiýaly oýunçy «Atletiko» toparynyň taryhynda iň köp gol geçiren hüjümçidir, onuň hasabynda 211 gol bar. Ol şeýle hem topar üçin iň köp duşuşyk geçirmek boýunça rekord goýdy — 488 oýun.

35 ýaşly hüjümçi «Atletikonyň» düzüminde Ispaniýanyň Superkubogynyň, Ýewropa ligasynyň we Ýewropanyň Superkubogynyň eýesi boldy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....