«Inter Maýami» stadionynyň tribunasyna Messiniň ady dakyldy

  • 29.03.2026 01:20
  • 7.7k+

«Inter Maýami» kluby täze stadionynyň tribunalarynyň birine özüniň häzirki wagtda çykyş edýän oýunçysy — argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň adyny dakar. Gürrüň sport desgasynyň gündogar tarapyndaky tribunasy barada gidýär, onuň açylyş dabarasy 4-nji aprele meýilleşdirildi.

Klubuň habar bermegine görä, bu dünýä sportunda heniz oýnap ýören oýunçynyň öz ady dakylan tribunasy bolan stadionda meýdança çykjak ilkinji ýagdaýy bolar.

Täze stadion «Nubank» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda «Nu Stadium» adyny aldy. Belläp geçsek, Messiniň janköýerleri «Barselonanyň» ady rowaýata öwrülen stadionyndan ylham alyp, bu meýdançany eýýämden «Camp Nu» diýip atlandyrýarlar.

«Inter Maýami» özüniň öý duşuşyklaryny 2026-njy ýylyň aprelinden başlap täze stadionda geçirip başlar.

Lionel Messi 2023-nji ýyldan bäri amerikan klubunda çykyş edýär. Geçen döwürde topar dört sany kubogy gazandy: Ligalar kubogy-2023, MLS-2024-iň yzygiderli çempionatynyň ýeňijileriniň kubogy, MLS-2025 kubogy we MLS-2025-iň Gündogar konferensiýasynyň ýeňijileriniň kubogy.

Argentinaly hüjümçi şeýle hem klubuň taryhynda iň netijeli oýunçy boldy — onuň hasabynda 94 duşuşykda 82 gol we 53 netijeli pas bar.


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......