Kriştianu Ronaldularyň kiçisi «Real Madridiň» ýaşlar toparynda türgenleşik geçýär

  • 28.03.2026 15:42
  • 10k+

Meşhur portugal futbolçysynyň ogly – kiçi Kriştianu Ronaldu Madridiň «Real» klubynyň akademiýasy bilen tälim beriş işlerini geçirdi we geljekde onuň klubyň hataryna geçmegi mümkin. Bu barada The Athletic neşiri habar berýär.

15 ýaşly Kriştianu häzirki wagtda 16 ýaşyna çenli bolan oýunçylaryň topary bilen meşgullanýar we kakasynyň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän «Al-Nasr» klubynyň akademiýasynda oýnaýar.

Mundan ozal Kiçi Ronaldu «Mançester Ýunaýted» we «Ýuwentus» klublarynyň akademiýalarynda hem tälim alypdy. 2025-nji ýylyň maý aýynda ýaş futbolçy Portugaliýanyň 15 ýaşyna çenli ýygyndysyna çagyryldy we Horwatiýadaky ýaryşda ilkinji oýnuny görkezdi. Ol ýerde finalda dubl (iki gol) hasaba alyp, toparyna ýerli ýygyndyny ýeňmäge kömek etdi. Soňra ol 17 ýaşyna çenli bolan milli ýygyndynyň oýunlaryna hem çekildi.

Uly Kriştianu Ronaldu dürli ýyllarda «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Ýuwentus» we «Real» klublarynda çykyş edipdi. Ol Madrid klubynyň düzüminde 438 oýunda 450 gol urup, onuň taryhyndaky iň oňat bombardir bolmagy başarypdy.


düýn 13:40
6.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......