FIFA zenanlar ýygyndy toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi

  • 23.03.2026 16:00
  • 4.3k+

Halkara futbol assosiasiýalarynyň federasiýasy (FIFA) zenanlar toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi. Bu çözgüt guramanyň geňeşiniň mejlisinde kabul edildi we onuň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Täze düzgün FIFA-nyň howandarlygynda ýygyndylaryň we klublaryň arasynda geçirilýän, ýetginjekler derejesinden başlap, ulularyň ýaryşlaryna çenli ähli ýaryşlara degişlidir. Indi her bir toparyň ätiýaçlyk oturgyjynda azyndan iki sany zenan tälimçi bolmaly, şeýle hem azyndan bir zenan baş tälimçi ýa-da kömekçi wezipesinde bolmalydyr.

Bu başlangyç tälimçilik kärinde aýal-gyzlaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu talap sentýabr aýynda Polşada geçiriljek 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek, soňra bolsa U-17 ýaryşynda we aýal-gyzlaryň arasyndaky Çempionlar kubogynda güýje girer. Geljekde bu düzgün 2027-nji ýylda Braziliýada geçiriljek dünýä çempionatynda hem ulanylar.

2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynda 32 sany baş tälimçiniň diňe 12-si zenandy. Alty sany ýygyndy topar — Argentina, Kolumbiýa, Fransiýa, Gaiti, Marokko we Filippinler tälimçiler düzüminde hiç bir zenan maşgala bolmazdan işledi.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......