Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

  • 17.03.2026 20:20
  • 7.9k+

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler. Olaryň seneleri soňrak yglan ediler.

Ýaryş başlanmazdan ozal klublar düzümlerini güýçlendirmek maksady bilen işjeň transfer geçirdi.

Ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» toparyna «Köpetdagdan» Daýanç Meredow we mundan ozal Gyrgyzystanyň «Gyrgyzaltyn» toparynda çykyş eden Meýlis Diniýew goşuldy.

Balkanabadyň «Nebitçi» topary hem düzümini ep-esli güýçlendirdi: geçen möwsümiň iň gowy oýunçysy Elman Tagaýew «nebitçileriň» hataryna goşuldy. Onuň bilen birlikde «Ahaldaky» öňki topardaşy Alibek Abdyrahmanow, şeýle hem «Aşgabatdan» Serdar Orazalyýew we beýleki birnäçe futbolçylar kluba geçdi.

Beýleki esasy transferleriň arasynda Azat Annaýewiň «Ahala», Selim Ataýewiň «Altyn Asyra» geçmegi we hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň «Aşgabat» toparyna goşulmagy bar.

Mundan başga-da, üç topar möwsüme täze baş tälimçiler bilen başlaýar: Eziz Annamuhammedow «Ahala», Maksatmyrat Şamyradow «Şagadama», Rahmanguly Baýlyýew bolsa Marynyň «Merw» toparyna tälimçilik eder.

Transferleriň doly sanawy bilen TFF-iň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.


şu gün 11:32
1.1k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....

şu gün 11:26
1.7k+

TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen......

düýn 23:03
3.9k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

düýn 15:15
12k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....