Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki ýaryşlarynyň finallaryna biletler näçeden?

  • 17.03.2026 19:45
  • 5.9k+

 UEFA 2026-njy ýylyň klub ýaryşlarynyň finallaryna biletleri satyp başlady we eýýäm stadiona girmegiň aňsat bolmajakdygy düşnükli.

Biletleri diňe guramanyň resmi saýty arkaly alyp bolýar, emma olary göni satyn almak mümkin däl. Geçen ýyllardaky ýaly, arzalary öňünden tabşyrmaly, soňra lotereýa geçirilýär. Hut şonuň üsti bilen hem stadionyň münberlerinde kimiň oturjakdygy kesgitlener.

Adatça, ýerleriň uly bölegi finalçy toparlaryň janköýerlerine berilýär. Mysal üçin, Çempionlar ligasynyň aýgytlaýjy duşuşygynda stadionyň 40%-den gowragy hut olar üçin we iň amatly bahaly kategoriýalar boýunça ätiýaçda saklanýar. Zenanlaryň finalynda bolsa bu paý has hem ýokary: biletleriň 60%-den gowragynyň bahasy 40 ýewrodan geçmeýär.

Biletleriň bahalary ýaryşa görä ep-esli tapawutlanýar:

  • Zenanlaryň Çempionlar ligasynyň finalynda biletleriň 60%-den gowragy 40 ýewro ýa-da ondan hem arzan bolar.
  • Konferensiýalar ligasynyň Leýpsigde geçiriljek finalyna iň arzan bilet 25 ýewro, iň gymmady bolsa 190 ýewro durýar.
  • Ýewropa ligasynyň (20-nji maýda Stambulda geçiriler) finalynda bahalar 40 ýewrodan 240 ýewro çenli üýtgeýär.
  • Esasy waka — Çempionlar ligasynyň 30-njy maýda Budapeştde geçiriljek finaly iň gymmady bolmagynda galýar: biletler 70, 180, 650 we 950 ýewro bilen bahalandyrylýar.

01.06.2026 19:46
10k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

01.06.2026 19:25
7.3k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

01.06.2026 19:24
3.4k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

31.05.2026 03:30
9.4k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......