Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

  • 01.06.2026 19:24
  • 3.4k+

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) resmi sahypasynda habar berilýär.

Şenbe güni Budapeştde geçirilen Çempionlar ligasynyň final duşuşygynda «Pari Sen-Žermen» Angliýanyň «Arsenal» toparyny utmagy başardy (esasy wagt 1:1, penalti boýunça 4:3) we yzygiderli ikinji ýyl bu ýaryşyň ýeňijisi boldy. Kwarasheliýa oýunda hasap 0:1 wagty penalti gazandy we ony fransiýaly hüjümçi Usman Dembele üstünlikli ýerine ýetirdi.

Tamamlanan Çempionlar ligasynyň möwsüminde Kwarasheliýa jemi 16 duşuşyga gatnaşyp, 10 gol geçirdi hem-de 6 assist etdi.

Kwarasheliýa 25 ýaşynda bolup, ol «PSŽ» topary bilen Fransiýanyň iki gezek çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, iki gezek Çempionlar ligasynyň, şeýle hem bir gezek UEFA-nyň Superkubogynyň we Yklymara kubogyň eýesi boldy.

Kwarasheliýa Kazanyň «Rubin» we Moskwanyň «Lokomotiw» toparlarynda hem çykyş edip, «Lokomotiw» bilen 2018/19 möwsüminde Russiýanyň Kubogyny gazandy. Mundan başga-da, Kwarasheliýa «Napoli» topary bilen Italiýanyň çempiony boldy.


düýn 15:42
6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......