Karate boýunça türkmen türgenleri Krakow kubogynda baýrakly orunlary eýeledi

  • 16.03.2026 16:56
  • 5.2k+

2026-njy ýylyň 10-17-nji marty aralygynda Polşanyň Krakow şäherinde adaty karate boýunça halkara ýaryş — Krakow kubogy geçirildi. Ýaryşa 14 ýurtdan 870-den gowrak türgen gatnaşdy diýip, THP habar berýär.

Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşda iki sany bürünç medal gazanmagy başardy.

21 ýaşdan uly türgenleriň arasyndaky şahsy birinjilikde Selim Myratdurdyýew üçünji orny eýeledi.

Ýene bir bürünç medala 12-13 ýaşly gyzlaryň arasyndaky tapgyrda Medine Gaýlyýewa mynasyp boldy. Ol Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebine wekilçilik edýär hem-de Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar.

Halkara Krakow kubogy her ýyl köp sanly türgenleri jemleýär we adaty karate boýunça abraýly ýaryşlaryň biri hasaplanýar.

03.04.2026 19:30
3.6k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

31.03.2026 20:07
13k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 16:37
2.3k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

30.03.2026 13:18
8.2k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......