“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy

  • 17.03.2026 15:25
  • 2.7k+

Angliýanyň premier-ligasy Londonyň “Çelsi” klubuna 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, klub Roman Abramowiçiň eýeçiliginde bolan döwründe goýberilen maliýe düzgün bozulmalary üçin 10,75 million funt sterling (takmynan 14,3 million dollar) jerime saldy.

Jerimeden başga-da, kluba indiki dokuz aýyň dowamynda akademiýa transferlerini amala aşyrmak gadagan edildi. 

Esasy topara bir ýyl şertli transfer gadagançylygy hem girizildi. Bu karar boýunça synag möhleti iki ýyl.

Derňew 2022-nji ýylda başlandy. “Çelsiniň” täze ýolbaşçylary şol döwürde oýunçylara, hasaba alynmadyk agentlere we beýlekilere gizlin tölegleriň geçirilendigini liga özbaşdak habar berdiler.

Britaniýanyň metbugatynyň habarlaryna görä, düzgün bozmalar London klubynyň Eden Azar, Willian we Samýuel Eto'O ýaly futbol ýyldyzlaryny satyn almagy bilen baglanyşykly şertnamalar sebäpli bolmagy mümkin.

Resmi beýanatda ýeňilleşdiriji ýagdaýlaryň klubyň düzgün bozmalar barada meýletin habar bermegini, täze ýolbaşçylaryň bu faktlary boýun almagyny we derňewiň dowamynda liga bilen hyzmatdaşlygy öz içine alýandygy bellendi.

Şuňa meňzeş düzgün bozulmalar boýunça FA-nyň aýratyn tertip-düzgün derňewi dowam edýär.


düýn 23:57
1.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......