Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy

  • 23.03.2026 09:30
  • 3.9k+

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand küşt taslamalarynyň maýadary boldy. Ol norwegiýaly işewür Morten Borge bilen bilelikde Chess Mates kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu kompaniýa Norway Chess ýaryşynda we täze döredilen Total Chess World Championship ýaryşynda paý aldy. Bu barada Halkara küşt federasiýasy (FIDE) habar berdi.

«Küşt — örän täsin oýun. Ol aňyňy türgenleşdirýär we onda futbol bilen meňzeşlikler bar. Çalt pikirlenmek, öz duýgyňa ynanmak we göçümleri birnäçe ädim öňünden hasaplamak gerek. Strategiýa we meýilleşdiriş — bu hemmesidir» — diýip, Holand belledi.

FIDE-niň başlygy Arkadiý Dworkowiç bu maýa goýumy goldady.

«Küşt, edil futbol ýaly, elmydama strategiýanyň we döredijiligiň ählumumy dili bolupdy. Erling Holand ýaly dünýä derejesindäki türgeniň Total Chess World Championship Tour ýaryşyna goşulmagy, küştüň şu günki günde bütin dünýäde ünsi çekýändigi we medeni ähmiýete eýedigi barada güýçli signaldyr» — diýip, ol aýtdy.

Norway Chess bilen Total Chess-iň baş direktory Kýell Madland hem Holandyň gatnaşmagynyň taslama bolan gyzyklanmany artdyryp, täze auditoriýany çekjekdigini belledi.

Total Chess World Championship Tour ýaryşy ýylda dört gezek dürli şäherlerde geçiriler. Gatnaşyjylar klassyky küşt, rapid we blitz boýunça dünýä çempiony ady ugrunda bäsleşer. Iň pes baýrak gaznasy ýylda 2,7 million dollar bolar. Ýaryşy geçirmek azyndan 16 ýyl möhlet bilen tassyklanyldy. Synag tapgyry 2026-njy ýylyň güýzüne meýilleşdirildi, birinji doly möwsüm bolsa 2027-nji ýylda başlar.


düýn 01:00
2.8k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 10:36
4.3k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

05.06.2026 15:52
10k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......