Laporta saýlawlarda ýeňiş gazanyp, üçünji gezek «Barselonanyň» prezidenti wezipesine saýlandy

  • 16.03.2026 12:06
  • 4.4k+

​Žoan Laporta «Barselona» klubunyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, geljek bäş ýylyň dowamynda — 2031-nji ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etmegini dowam eder.

​Futbol işewüri özüniň ýeke-täk bäsdeşi bolan telekeçi Wiktor Fontdan öňe saýlandy. Sesler heniz doly sanalyp tamamlanmadyk hem bolsa, Fontuň sesleriň sany boýunça Laportadan ozmaga mümkinçiligi galmady.

​63 ýaşly Laporta üçin klubuň başynda işlemeginiň täze tapgyry başlanýar. Ol mundan ozal 2003-2010-njy ýyllar aralygynda «Barselonanyň» prezidenti wezipesini eýeläpdi, soňra bolsa 2021-nji ýylda gaýtadan saýlanyp, 2026-njy ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etdi.

​Resmi taýdan häzirki möhlet onuň üçin dördünji möhlet hasaplanýar. 2006-njy ýylda klubuň agzalarynyň biriniň arzasynyň esasynda kazyýet Laportanyň 2003-nji ýylda başlan birinji möhletini tamamlanan diýip hasap etdi. Şondan soň täze ses berişlik bellenildi, emma şol wagt saýlawlar hakykatda geçirilmedi: diňe Laporta dalaşgär hökmünde hasaba durmak üçin zerur bolan gollary ýygnap bildi. Netijede, ol awtomatiki usulda prezident wezipesinde galdy we 2010-njy ýylda tamamlanan täze möhletine başlady.


04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

01.06.2026 16:29
4.8k+

«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli......

22.05.2026 11:36
6.1k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....