«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

  • 01.06.2026 16:29
  • 4.9k+

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli niýetlenendir.

Bu barada «gök-gyzyl reňklileriň» X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi. Klubuň paýlaşan habarynda: «Biziň hörpümize täze bir güýç goşulýar» diýlip bellenilýär.

– Barselonanyň maňa gyzyklanma bildirýändigini bir az gijräk bildim, ýöne munuň çynlakaýdygyna düşünen badyma, mende hiç hili ikirjiňlenme galmady. Men hemişe şu ýerde oýnamagy isleýärdim. Bu dünýäniň iň uly kluby. Bu transfer – meniň çagalykdan bäri arzuwym – diýip, Gordon metbugat maslahatynda aýtdy.

Mundan öň «Nýukaslyň» ýolbaşçylarynyň we klubuň Saud Arabystanly eýeleriniň «Barselonanyň» 70 million ýewro möçberindäki ilkinji teklibini kabul edendigi habar berlipdi. Metbugatyň berýän maglumatlaryna görä, şertnamanyň gutarnykly umumy bahasy goşmaça tölegler bilen bilelikde 80 million ýewrodan gowrak bolar.

Gordonyň bu transferi Katalon klubunyň taryhynda iň gymmat 7-nji transfer boldy we 2031-nji ýylda topara goşulan Antuan Grizmandan bäri iň uly şertnama hökmünde hasaba alyndy.

«Barselonanyň» taryhyndaky iň gymmat satyn alyşlaryň sanawy:

Usman Dembele — €148 mln («Borussiýa Dortmunddan»);

Filippe Koutinýo — €135 mln («Liwerpuldan»);

Antuan Grizmann — €120 mln («Atletiko Madridden»);

Neýmar — €88 mln («Santosdan»);

Frenki de Ýong — €86 mln («Aýaksdan»);

Luis Suares — €81,7 mln («Liwerpuldan»).

Gordon şu möwsümde «Nýukaslyň» düzüminde ähli turnirlerde jemi 46 oýna gatnaşyp, 17 gol urmagy we 5 sany gol pasyny bermegi başardy. Abraýly Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň häzirki wagtda bazardaky hakyky bahasy 60 million ýewro deňdir.


düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......