AFK 2031-nji we 2035-nji ýyllaryň Aziýa Kubogy üçin arzalary kabul etmegi wagtlaýyn togtatdy

  • 25.03.2026 17:43
  • 4.8k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2031-nji we 2035-nji ýyllarda geçiriljek Aziýa Kuboklary üçin berlen arzalara seretmek işini wagtlaýynça saklady. Bu karar halkara oýun senenamasyna girizilip bilinjek üýtgetmeler bilen baglanyşyklydyr.

Konfederasiýanyň habar bermegine görä, bu mesele FIFA bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üýtgeşme — yklymyň iň uly turnirini täk ýyllardan jübüt ýyllara geçirmek meselesidir. Bu ädim ýaryşlary meýilleşdirmäge we halkara senenama has laýyk gelmäge ýardam berer.

2031-nji ýyl üçin Awstraliýa, Hindistan, Indoneziýa, Kuweýt, Günorta Koreýa hem-de Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilelikde arza beripdiler. 2035-nji ýyl üçin bolsa Awstraliýa, Kuweýt, Günorta Koreýa we Ýaponiýa isleg bildirýärdi.

AFK geljekde has aýdyň we takyk saýlaw düzgün-tertibini üpjün etmek üçin bu işi wagtlaýynça togtatdy.

Indiki Aziýa Kubogy 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda Saud Arabystanynda geçiriler. Häzirki wagtda Aziýanyň çempiony — Katardyr.


düýn 23:57
1.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
9.1k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......