2.4k+

Mattel kompaniýasy autizmli Barbi gurjagyny hödürledi

Mattel amerikan kompaniýasy autizm spektriniň bozulmasy (ASB) bolan ilkinji Barbini hödürledi – gurjagyň sesi basyp ýatyrýan nauşnigi, spinneri we alternatiw aragatnaşyk üçin programmalary bolan planşeti bar. Täze gurjak tirsegi we bilegi has gowy hereket eder ýaly ýagdaýda ýasaldy...

1.3k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...

6.5k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

1.7k+

Android 17-de habarnamalary ýaşyrmagyň täze usuly synag edilýär

Android 17 operasion ulgamynyň beta görnüşinde ulanyjynyň gizlinligini goramaga niýetlenen täze funksiýa ýüze çykaryldy. Ol ulanyjylara ekrana çykýan penjirelerde habarnamalaryň görkezilişini sazlamaga mümkinçilik berýär diýip, GizChina portaly habar berýär...

2.1k+

Netflix “Gara aýna” serialyny sekizinji möwsüme uzaltdy

Netflix platformasy meşhur “Gara aýna” (Black Mirror) antologiýa serialynyň sekizinji möwsüminiň düşüriljekdigini tassyklady. Bu barada taslamanyň döredijisi Çarli Bruker Netflix Tudum neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, Variety habar berýär...

2.2k+

Bir wagtda 42 milliondan gowrak ulanyjy Steam-de onlaýn bolup, täze rekord goýuldy

Steam sanly distribusiýa hyzmaty bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabat wagty bilen 19:00 töweregi 42 milliondan gowrak adam onlaýn boldy – Steam-iň resmi maglumatlary boýunça 42 020 941 we SteamDB statistikasy boýunça 42 042 778...

7.6k+

Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň bölekleri tapyldy

Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň kabinasy tapyldy. Türkiýeli bloger we gözlegçi Nedim Kuru deňiz düýbünde 1975-nji ýylda heläkçiligi başdan geçiren Turkish Airlines-yň ýolagçy uçarynyň böleklerini tapdy diýip, NTV teleýaýlymy habar berýär...

3.6k+

«Bir söweşden soň beýleki» filmi dört «Altyn globus» baýragyny aldy

Los-Anjelesde «Altyn globus» baýragynyň 83-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl esasy baýrak eýesi «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) satiriki syýasy komediýasy boldy. Pol Tomas Andersonyň filmi dört baýraga, şol sanda «Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa», režissýorlyk, ssenariý we ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi (Teýýana Teýlor) kategoriýalarynda baýraklara mynasyp boldy...

2.8k+

«Godzilla: Minus bir» filminiň dowamy şu güýzde çykar

«Godzilla: Minus nol» filmi noýabrda prokata çykar. Ýaponiýada premýera 3-nji noýabra, ABŞ-da bolsa 6-njy noýabra meýilleşdirilýär diýip, Variety neşiri habar berýär. Täze film 2023-nji ýylda çykan we «Oskar» baýragyny alan «Godzilla: Minus bir» filminiň dowamy bolar...

2k+

Disney kompaniýasy TikTok bilen Instagram-yň bäsdeşi bolar

CES 2026 sergisinde Disney kompaniýasy 2026-njy ýylda Disney+ platformasynda gysga dik wideolaryň ýerleşdirilip başlanjakdygyny mälim etdi. Ol adamlaryň TikTok bilen Instagram Reels-de görýän wideolaryna meňzeş bolup, ulanyjylary çekmek maksady bilen döredilýär...

6.4k+

10 sekuntlyk duzak: Ilkinji täsirler nähili emele gelýär?

Russiýanyň Perm Milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary geň galdyryjy bir hakykaty ýüze çykardylar: nätanyş adam baradaky ilkinji täsirimiz bary-ýogy 7-10 sekundyň içinde kemala gelýär. Iň gyzykly tarapy bolsa, bu täsir adamyň şahsyýetine däl-de, biziň aňymyzdaky "gender stereotiplerine" esaslanýar...

4.2k+

«Roskosmos» kosmosdaky «Roždestwo arçasynyň» suratyny görkezdi

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy öz Telegram kanalynda Ýekeşah ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän NGC 2264 dumanlygynyň suraty bilen paýlaşdy. Bu obýekt, köplenç, «Roždestwo arçasy» diýlip atlandyrylýar, sebäbi ol öz daşky keşbi boýunça baýramçylyk agajyny ýada salýar...

11k+

50 Cent jenaýatçylykly toparlaryň urşunyň arasynda

50 Cent lakamy bilen meşhur bolan amerikaly reper Kýortis Jekson «Bandalaryň urşy» («Gang Wars») atly seriala prodýuserlik eder diýip, diýip «Deadline» habar berýär.  Bu serial Amerikadaky jenaýatçylykly toparlaryň arasynda bolup geçýän hakyky çekeleşikler hakyndaky tru-kraým-taslamasydyr...

7.5k+

«Dykyn wagty 4» Saud Arabystanynda we Afrikada düşüriler: býujet $100 mln bolar

«Dykyn wagty»  (Час пик) komediýa-ekşen filminiň dördünji bölümi Saud Arabystanynda, Hytaýda, şeýle-de Afrika ýurtlarynyň birinde düşüriler. Sýužet brakonýerlik bilen bagly meseläni gozgar. Puck News neşiriniň ýazmagyna görä, filmiň üstünde şu ýylyň ýazynda ýa-da tomsunda işlenip başlanar...

3.1k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

1.9k+

Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi

Microsoft kompaniýasy şu ýyl Xbox Game Pass kitaphanasyna giriziljek ilkinji uly täzelenmäni resmi taýdan yglan etdi. Abonentler dürli žanrlardaky oýunlara — AAA blokbasterlerden we horrorlardan başlap, garaşsyz (indie) studiýalaryň täze taslamalaryna hem-de nusgawy oýunlaryň täzeden neşir edilen görnüşlerine (remaster) elýeterlilik alarlar...

4.1k+

LEGO içinde kompýuter oturdylan akylly «kerpiçjigi» döretdi

Daniýanyň LEGO kompaniýasy Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Smart Play platformasyny hödürledi. Onuň esasy elementi «akylly» Smart Brick kerpiçjigi boldy. Adaty 2x4 kerpiçjiginiň içinde hakyky mikroelektronika ulgamy ýerleşdirildi...

9.1k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...

3.5k+

Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiligini goldamak maksatnamasyny ep-esli giňeldýändigini yglan etdi. Indi Xiaomi, Redmi we Poco brendleriniň birnäçe enjamlary bäş ýyla çenli HyperOS täzelenmelerini alarlar. Bu täzelik saýlanan smartfonlar we planşetler üçin hem esasy operasion ulgamynyň täzelenmelerini hem-de täze funksiýalaryň yzygiderli girizilmegini öz içine alýar...