Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy

  • 07.01.2026 12:20
  • 3k+

6-njy ýanwarda Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär. Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň 99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — “Joşgun” tans topary, “Galkynyş” çeper okaýyş topary, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.
Bu bäsleşik gyşky dynç alyş möwsüminde, paýtagtymyzda Täze ýyl mynasybetli esasy dabaralaryň ýaýbaňlandyrylýan günlerinde geçirilýär. Döredijilik bäsleşigi her ýyl ýurdumyzdan köp sanly täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 15:15
0

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.7k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.1k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....