Bir wagtda 42 milliondan gowrak ulanyjy Steam-de onlaýn bolup, täze rekord goýuldy

  • 13.01.2026 12:19
  • 2.2k+

Steam sanly distribusiýa hyzmaty bir wagtyň özünde onlaýn bolan ulanyjylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabat wagty bilen 19:00 töweregi 42 milliondan gowrak adam onlaýn boldy – Steam-iň resmi maglumatlary boýunça 42 020 941 we SteamDB statistikasy boýunça 42 042 778.

Öňki rekord bary-ýogy bir hepde ozal, 4-nji ýanwarda goýlupdy. Şol wagt iň ýokary onlaýn derejesi 41,8 million adamdan gowrak boldy. Olardan 13 milliondan gowrak ulanyjy bir wagtda oýun oýnady – bu ýakyndaky 13,4 million görkezijiden sähel azdyr.
Iň ýokary derejede iň meşhur oýunlar Counter-Strike 2, Dota 2 we PUBG: Battlegrounds boldy. Bäşlige Arc Raiders we Apex Legends hem girdi.
Öňki rekordlardan tapawutlylykda, täze rekord möwsümleýin arzanladyş ýa-da haýsydyr bir uly täzeligiň çykmagy bilen baglanyşykly däldir.
Steam durnukly ösüşi görkezýär. Deňeşdirmek üçin: 2025-nji ýylyň ýanwarynda iň ýokary onlaýn derejesi 39,3 million, 2021-nji ýylyň ýanwarynda bolsa 25,4 million ulanyja ýetdi.


11.06.2026 10:59
7.1k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....