Microsoft Edge brauzeri «Copilot» stilindäki täze keşbe eýe boldy

  • 11.01.2026 12:07
  • 712

Microsoft korporasiýasy Edge brauzeri üçin giň gerimli dizaýn täzelenmesini synagdan geçirip başlady. Bu täze keşp emeli aň kömekçisi bolan Copilot-yň wizual stilinde taýýarlanyp, ulanyjylara has "akylly" we döwrebap interfeýsi hödürleýär.

Menýu bölümleri, sazlamalar we täze goşmaça sahypalar indi has aýlaw burçly dizaýna, ýöriteleşdirilen reňk palitrasyna we täze şriftlere eýe.
Täze dizaýn brauzeriň düýp gurluşyna ornaşdyryldy. Bu bolsa Copilot funksiýasy öçük bolsa-da, brauzeriň şol akylly keşpde galjakdygyny aňladýar.
Täze dizaýnyň 2024-nji ýylda Microsoft-a goşulan Inflection AI toparynyň döreden Pi kömekçisiniň interfeýsine örän meňzeşdigi bellenilýär.
Microsoft AI bölüminiň ýolbaşçysy Mustafa Süleýman täze brauzer strategiýasy barada şeýle diýdi:

"Täze brauzer bolmaz, diňe başga bir ulanylyş görnüşi bolar".

Bu bolsa Microsoft-yň täze bir brauzer döretmek däl-de, bar bolan Edge brauzerini doly emeli aň gurşawyna öwürmek isleýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda bu täzelenme diňe Canary we Dev synag kanallarynyň ulanyjylary üçin elýeterli. Ýakyn geljekde bu wizual diliň beýleki Microsoft hyzmatlaryna we Windows operasiýa ulgamyna hem ornaşdyrylmagyna garaşylýar.


11.06.2026 23:59
6.3k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....