10 sekuntlyk duzak: Ilkinji täsirler nähili emele gelýär?

  • 11.01.2026 13:39
  • 6.3k+

Russiýanyň Perm Milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary geň galdyryjy bir hakykaty ýüze çykardylar: nätanyş adam baradaky ilkinji täsirimiz bary-ýogy 7-10 sekundyň içinde kemala gelýär. Iň gyzykly tarapy bolsa, bu täsir adamyň şahsyýetine däl-de, biziň aňymyzdaky "gender stereotiplerine" esaslanýar.

Psihologiýa ylymlarynyň doktory Mariýa Duwanskaýanyň ýolbaşçylygynda geçirilen barlaga 11-den 64 ýaşa çenli adamlar gatnaşdy. Olara adaty durmuşy pursatlary (lifte münmek, kafede oturmak, köçede ýöremek) görkezýän 10 sekuntlyk wideolar görkezildi.
Alymlar synçylaryň maglumaty kabul edişini iki tapgyra böldüler. Birinji tapgyrda erkekler we zenanlar meňzeş zatlary görýärler, ýöne ikinji tapgyrda garaýyşlar düýbünden üýtgeýär:

  • Erkeklere baha berlende: Erkek synçy hem, zenan synçy hem nätanyş erkegiň bitarap hereketini "ynamlylyk we başarnyklylyk" hökmünde kabul etdi.
  • Zenanlara baha berlende:
  • Erkek synçylar zenanyň asudalygyny "çekinjeňlik we ynamsyzlyk" diýip düşündirdiler.
  • Zenan synçylar bolsa şol bir hereketi "özüne ynamlylyk" hökmünde häsiýetlendirdiler.

Ýaş we Hünär baradaky ýalňyşlyklar: Barlagda beýniniň taýyn "medeni ülňüler" boýunça karara gelýändigi anyklandy:

  • Ýaş: Erkekler zenanlaryň ýaşyny peseltmäge, zenanlar bolsa erkekleriň ýaşyny ulaltmaga meýilli.
  • Hünär: Zenanlara köplenç bilim we hyzmat, erkeklere bolsa inženerçilik we dolandyryş hünärleri "degişli edildi".

"Dünýä dürlüçe garaýarys diýsek-de, aslynda birmeňzeş zatlary görýäris. Ýöne görýän zatlarymyzy düşündirmek (interpretasiýa) tapgyryna gelende, içimizdäki stereotipler işläp başlaýar" — diýip, Mariýa Duwanskaýa belleýär.

Alymlaryň pikiriçe, häzirki wagtda aragatnaşygyň köpüsi wideoaragatnaşyk arkaly geçýändigi sebäpli, şeýle subýektiw ýalňyşlyklaryň we stereotipleriň täsiri has-da artýar.


şu gün 11:13
3.6k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
8.8k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......