Leonardo da Winçiniň çeken suratyndan 500 ýyldan soň onuň DNK-sy tapyldy

  • 12.01.2026 18:22
  • 9.5k+

ABŞ-dan, Awstriýadan, Italiýadan we Ispaniýadan alymlaryň halkara topary Leonardo da Winçiniň suratlarynyň birinden DNK nusgasyny çykaryp alandyklaryny habar berdiler diýip, Daily Mail neşiri ýazýar.

Barlagyň netijeleri bioRxiv preprintler saýtynda ýerleşdirildi. Makalanyň awtorlarynyň arasynda Merilend uniwersitetiniň biology Norberto Gonsales-Huarbe hem bar.
Nusga "Keramatly çaga" (Святой младенец) atly, gyzyl hek bilen ýerine ýetirilen eskizden alyndy. Bu iş suratkeş bilen baglanyşykly biologik yzlary anyklamak we seljermek boýunça taslamanyň çäginde geçirildi.
Alymlar erkek nesli arkaly geçýän Y-hromosomasynyň yzygiderliligini öwrenmäge üns berdiler. Alnan maglumatlar ozal Leonardo da Winçiniň garyndaşynyň (doganynyň) ýazan hatyndan alnan DNK bilen deňeşdirildi. Seljerme netijesinde, suratkeşiň garyndaşy bilen çyzgyda DNK-sy tapylan adamyň bir genetiki topara degişlidigi we Da Winçiniň doglan sebiti bolan Toskanada umumy ata-babalarynyň bardygy anyklandy.
Makalada ussadyň meşhur suratlarynyň (polotnolarynyň) şeýle barlaglar üçin amatly däldigi bellenilýär. Mysal üçin, "Mona Liza" köp gezek restawrasiýa edildi, bu bolsa suratkeşiň hakyky DNK-syny tapmak ähtimallygyny örän peseldýär. Şonuň üçin onuň kagyzdaky çyzgylary we eskizleri has netijeli hasaplanýar.

"Kagyz öýjük-öýjükli (öýjüklere baý) gurluşa eýe. Ol deri bölejiklerini, derini, bakteriýalary we DNK-ny özüne siňdirýär" — diýip, Gonsales-Huarbe belledi.

Barlagyň awtorlary häzirki tapgyrda tapylan nusganyň hakykatdanam Leonardo da Winçiniňkidigini subut etmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Eger bu tassyklansa, alymlar suratkeşiň dünýäni nähili kabul edendigi barada täze maglumatlary almagy umyt edýärler. Daily Mail-iň belleýşi ýaly, Da Winçi adaty adam gözüniň saýgaryp bilmeýän hereketlerini we jikme-jikliklerini görüp we şekillendirip bilipdir. Mysal üçin, teneçiriň uçup barýarka öň we yzky ganatlaryny nähili gezekli-gezegine galdyrýandygyny belläpdir.


şu gün 11:13
2.9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
8.8k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......