Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň bölekleri tapyldy

  • 13.01.2026 10:52
  • 7.6k+

Mermer deňzinde 51 ýyl ozal heläkçilige uçran uçaryň kabinasy tapyldy. Türkiýeli bloger we gözlegçi Nedim Kuru deňiz düýbünde 1975-nji ýylda heläkçiligi başdan geçiren Turkish Airlines-yň ýolagçy uçarynyň böleklerini tapdy diýip, NTV teleýaýlymy habar berýär.

Kuru suwa giden Fokker F-28 uçaryny eýýäm köpden bäri gözleýär. Uçar howa menzilinde elektrik energiýasy bilen bagly näsazlyk sebäpli Stambulda gonup bilmedi we ikinji aýlawy etmeli boldy. Dumanda hereket wagty uçar näbelli sebäp bilen suwa gaçdy, 42 adam heläk boldy. Şol wagt ösen tehnikanyň ýokdugy sebäpli uçaryň böleklerini tapmak başartmady.
Soňky ýyllarda fýuzelýažyň bölekleri balykçylaryň torlary bilen çykyp başlady. Bu hem Kuruny Stambulyň Ýewropa bölegindäki Býuýukçekmeje we Ambarly etraplarynyň kenarynda gözleg işlerini dikeltmäge oýardy. Ol suwasty dronlaryň, sonarlaryň we beýleki enjamlaryň kömegi bilen takyk ýeri kesgitläp, 80 metr töweregi çuňlukda uçarmanlaryň kabinasyny tapdy hem-de döwük bölekleriň aýdyň suratlaryny aldy.
Indi topar uçaryň gara gutyny saklaýan guýrugyny gözlemegi meýilleşdirýär. Eger ony iş ýagdaýynda tapyp bolsa, heläkçiligiň takyk sebäbini bilmek başartsa gerek. 


26.05.2026 12:36
2.9k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......

03.05.2026 16:13
7.9k+

Türkiýede uçarmanlary taýýarlamagyň 4 ýyllyk okuwyna dalaşgärleri kabul edişlik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan......