Bruno Mars soňky 10 ýylda ilkinji solo albomyny çykarar we dünýä boýunça konsert syýahatyna ugrar

  • 11.01.2026 21:22
  • 2.7k+

Amerikaly aýdymçy Bruno Mars onýyllyk arakesmeden soň ilkinji solo albomy we ony goldamak maksady bilen geçiriljek uly konsert syýahaty barada habar berdi diýip, Variety ýazýar.

Täze albom «The Romantic» adyny alar. Ol eýýäm doly taýýar we 27-nji fewralda çykar.
Albomdan ilkinji aýdym — «I Just Might» diňlemek üçin elýeterli boldy. Aýdymyň wideosy 70-nji ýyllaryň stilinde düşürildi. Oňa aýdymçynyň özi bilen bilelikde Deniel Romas režissýorlyk etdi.
Dünýä boýunça konsert syýahaty 10-njy aprelde başlar we Demirgazyk Amerikanyň, Beýik Britaniýanyň hem Ýewropanyň iň uly meýdançalarynda bolar. Petek satuwy 15-nji ýanwarda başlaýar, ýöne sargytlar bir gün öň açylar. Konsertler 14-nji oktýabrda Wankuwerde tamamlanar.
Bruno Mars soňky «24K Magic» solo albomyny 2016-njy ýylda çykardy. Muňa garamazdan, ol duetlere gatnaşyp, döredijiligi dowam etdirdi. Bu aýdymlaryň köpüsi hit bolup, birnäçe baýraklara mynasyp boldy.
Karýerasynyň dowamynda Mars 150 milliondan gowrak aýdym-saz ýazgysyny satdy we dünýäniň iň meşhur aýdymçylarynyň biri boldy. Ol 16 «Gremmi» baýragyny aldy, 2017-2018-nji ýyllaryň konsert syýahaty bolsa taryhda iň köp girdeji getirenleriň biri boldy. 

şu gün 12:29
649

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
567

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
241

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

şu gün 09:33
3.9k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......