Ýaponiýada äpet gök tunes balygy rekord derejedäki 3,2 million dollara satyn alyndy

  • 05.01.2026 15:35
  • 21k+

5-nji ýanwarda Tokionyň Toýosu bazarynda geçirilen 2026-njy ýylyň ilkinji söwdasynda agramy 243 kg bolan gök tunes balygy (bluefin tuna) ummasyz möçberdäki pula satyldy. TASS agentliginiň habar bermegine görä, balyk üçin — 510 million ýena (3,2 million dollar) tölendi.

Bu äpet balyk ýurduň demirgazygyndaky Aomori prefekturasynyň suwlarynda tutuldy.
Söwdany gurnaýjylar bu mukdaryň 1999-njy ýylyň ýanwar aýynda goýlan rekordy täzeländigini belleýärler. Şol wagt meňzeş lot üçin 333,6 million ýena (şol döwrüň kursy boýunça takmynan 2,9 million dollar) tölenipdi.
Ýerli restoran eýeleri abraý we ýylyň başyndaky iň uly söwdanyň işlerine rowaçlyk getirjekdigine bolan ynamy sebäpli şeýle uly çykdajylara girýärler. Mundan başga-da, bu ýurduň iň gymmat balygynyň tagamyny datmak üçin nobata durmaga taýyn bolan müşderileri çekmegiň ajaýyp usulydyr.


11.06.2026 10:59
7.3k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....