Casio «ömürlik» sagatlaryny satyp başlady. Olaryň batareýasy 10 ýyla ýetýär

  • 13.01.2026 10:58
  • 4.6k+

Casio ABŞ-nyň bazaryna täze WS1800 sanly sagadyny çykardy. Ol üç reňkde – gara, gök we ýaşyl reňklerde hödürlenýär. Her wersiýanyň bahasy 40 dollar bolup, eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir.

WS1800 modeli retro-stilde sanly sport sagatlary hökmünde görkezilýär. Ekran iki zolaga bölünýär: ýokarky bölekde grafik şkalalar ýerleşýär, aşagy bölekde bolsa wagt, sene we hepdäniň günleri görkezilýär. Korpus we kemer ýeňil polimer materialdan ýasaldy, aýna bolsa polimerden we şar şekillidir. Sagadyň agramy 41 gram bolup, 145-den 215 mm çenli ýogynlykdaky goşarlara dakmak üçin niýetlenýär.
Sagat 100 metre çenli suwa çydamlydyr. Onuň CR2025 bataýerasy bolsa 10 ýyla çenli işleýär. Displeý tümlükde ekrandaky maglumaty görmäge mümkinçilik berýän ýantardan LED yşyklandyryşy bilen üpjün edildi.
Sagat iki ekranly sekundomere eýe boldy, ol bir wagtda wakanyň wagtyny we umumy geçen wagty görkezýär. Ulanyjy wakanyň taýmerini 1-den 60 minuta çenli sazlap bilýär, şol bir wagtyň özünde sekundomer bellenen wagt gutarandan soň hem işlemegini dowam etdirýär. Ýokarky ekran 59 minut 59 sekunta çenli wagty, aşaky 99 minut 59 sekunta çenli wagty görkezýär.
Şeýle-de, 10-dan 45 minuta çenli kesgitlenen aralyk bilen yza hasaplaýyş taýmeri, awtomatik gaýtalama funksiýasy we geçen wagty hasaplamak režimi göz öňünde tutuldy.
WS1800 sagady 48 şäher üçin 20 wagt guşaklygyny goldaýar. Şeýle-de, gündelik budilnik, her sagatlyk ses signaly we 2099-njy ýyla çenli doly awtomatik senenama bar. Sagadyň işleýiş takyklygy aýda ±30 sekunt derejesindedir. 12 sagatlyk we 24 sagatlyk wagt formatlary elýeterli. Isleseňiz, düwmeleriň sesini öçürip bolýar. 

şu gün 12:29
649

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
567

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
241

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

şu gün 09:33
3.9k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......