«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2025-nji ýylyň dekabrdaky sany okyjylara ýetirildi

  • 07.01.2026 12:50
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.

Ilkinji sahypalarda «Täze eser – ýaşlar üçin belent serpaý» atly uly göwrümli makala ýerleşdirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumyň ähmiýeti, kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň mazmuny hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylykly başlangyçlarynyň dünýä derejesinde goldaw tapýandygy barada gürrüň berýän makalalar okyjylara hödürlenilýär.
Žurnalyň möhüm ugurlarynyň biri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanýar. «Gender deňliginiň bähbidine halkara dialog» atly giňişleýin makalada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat barada gürrüň berilýär.

«Bedew batly, at-myratly şanly ýyl» atly makala türkmen ýaşlarynyň täze ýylyň şygaryna bolan buýsanjyny beýan edýär. Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň ýaşlar üçin ähmiýeti «Parahatçylyk – ýaşaýşyň tugy» atly makalada beýanyny tapýar.
Neşirde türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary baradaky pikirler «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary» atly makalada dowam etdirilýär. Žurnalyň täze sanynda geçen ýylyň jemleýji günlerinde hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlar baradaky makala bilen birlikde şol ýaşlaryň birnäçesiniň çykyşlary hem ýerleşdirilipdir. «Şanly ýylda parlan ýyldyz» atly makalada «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň 2025-nji ýyldaky ýeňijisi barada maglumat berilýär.


şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....